- et
- 1) Myşsanyň ady.2) Nahar taýýarlamak üçin haýwan läşiniň bölekleri.∙ Bu ýerde tüwi, ýag, et, käşir näçe diýseň bar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)∙ Oraz otaga girende, goýun etiniň ýakymly ysy burnuna urdy. (G. Gurbansähedow, Gar)∙ Aýsoltanyň: --Sen tüwüsini arassalaýançaň, men etini gowraýyn! -- diýesi geldi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)∙ Çaýyň gapdaly bilen Igli et dogramaga oturdy. (N. Pomma, Egri Eýikmez)◊ agaç et — Syrdam görnüşli, semiz bolmadyk.∙ Agaç et burunlagrak Ata. (N. Pomma, Goşgular)◊ dişde et galmak — seret diş∙ Olaryň dişlerinde et galypdyr. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)∙ Dişinde et galypdyr. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)◊ etden düşmek — Horlanmak, arryklamak.◊ etden geçip, süňke ornamak — Janyňa degmek, gaty gaharňy getirmek.∙ Etden geçip, süňke ornan. (B. Kerbabaýew, Aýlar)∙ Juda etimden geçip, süňküme ornansoň geläýdim. («Sowet edebiýaty» žurnaly)◊ eti gaçmak — Arryk düşmek, horlanmak.◊ etini iýmek — Igençli sözler aýtmak, agzyňa gelenini diýmek, käýinip, al-petiňden almak, azar bermek.◊ etiňe çykmak — seret etiňe-ganyňa gelmek◊ etiňe-ganyňa gelmek — Özüňi tutmak, fiziki taýdan oňat ýagdaýda bolmak, daýanmak.∙ Ertir gidip agşam gelýän Tulparyň şähdi açylypdyr, etiňe-ganyňa gelipdir. (B. Kerbabaýew, Jonnuk Batyr)◊ gulak etiňi iýmek (guratmak) — seret gulak
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.